Portugaliýanyň «Portu» toparynyň goragçysy Pepe Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde Belgiýanyň «Antwerpen» toparyna garşy duşuşykda başlangyç düzümde meýdança çykdy. Pepe Ýewropanyň esasy futbol ýaryşynyň taryhynda iň uly ýaşly meýdança oýunçysy boldy. Oýun güni onuň ýaşy 40 ýaş 241 güne deňdi. Portugal oýunçy 40 ýaş 211 gün bilen Çempionlar ligasynda oýnan italýan Alessandro Kostakurtanyň we şotland Dewid Weýriň rekordyny täzeledi. Çempionlar ligasynyň taryhynda iň uly ýaşly oýunçy italýan derwezeban Marko Ballottadyr (43 ýaş 252 gün). «Portu» «Antwerpeni» 4:1 hasabynda ýeňdi. Pepe ähli 90 minutda hem meýdnçada boldy. Pepe karýerasynyň dowamynda Madridiň «Realynda», Stambulyň «Beşiktaşynda» we «Maritimu» toparynda çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir