Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Esenboga» Halkara howa menzilinde Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. TDH-nyň habar berşi ýaly, asylly myhmansöýerlik däbine eýerilip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şu gün --- 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyşyna gatnaşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir