Aşgabadyň doganlyk şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albukerke şäher häkimi Timoti Keller we häkimliginiň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişine görä, 24-nji oktýabrda bolan duşuşykda taraplar bilim, işewürlik, medeniýet, taryh we beýleki ugurlarda şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti täze maglumat tehnologiýalary we daşky gurşaw taýdan arassa bolan «akylly» Arkadag şäheri barada çykyş etdi. Amerikan tarapy Arkadag şäherinde uly gyzyklanma bildirdiler we bu şähere baryp görmek isleýändiklerini mälim etdiler. Surat: mfa.gov.tm Şol gün «Kiva Auditorium» mejlisler merkeziniň sergi zalynda türkmen milli egin-eşikleri, beýik türkmen şahyry akyldar Magtymguly Pyragynyň kitaplary, türkmen halkynyň ruhy we maddy medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bezeg, amaly-haşam sungatynyň asyl nusgalary, şeýle hem muzeýiň gymmat bahaly eksponantlary görkezildi. Surat: mfa.gov.tm Habarda bellenilişi ýaly, soňra Albukerke şäher häkimliginiň, Doganlyk şäherler gaznasynyň, Nýu-Meksiko uniwersitetiniň wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň, ýerli ilatynyň, şeýle hem ABŞ-nyň dürli uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplarynyň, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi M.Orazow «Kiva Auditorium» konsert zalynda, «akylly» şäher düşünjesine esaslanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze Arkadag şäheri barada çykyş etdi. Tanyşdyryş dabarasynda Arkadag şäheri barada jikme-jik maglumat berýän wideo görkezildi. Surat: mfa.gov.tm Türkmen medeniýetiniň günleriniň jemleýji çäresi Türkmenistanyň meşhur sungat we medeniýet işgärleridir döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren konserti boldy. Konsertiň dowamynda Watany wasp edýän aýdymlar, liriki we halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine düzülen aýdymlar aýdyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir