Slowakiýanyň Premýer-ministri wezipesine golaýda geçen Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan «Smer» partiýasynyň ýolbaşçysy Robert Fiso resmi taýdan bellendi diýip, «Regnum.ru» habar berdi. «Respublikanyň Prezidenti Zuzana Çaputowa Premýer-ministr Robert Fisonyň baştutanlygyndaky täze hökümetiň düzümini belledi» diýlip, habarda aýdylýar. Fiso öň hem üç gezek bu wezipäni eýeläpdi, şu ýylyň oktýabrynda geçen saýlawlaryň netijeleri boýunça onuň partiýasy Parlamentde orunlaryň 150-sinden 42-sini gazandy. «Smer» partiýasynyň beýleki partiýalaryň ikisi bilen ylalaşyk baglaşmagy netijesinde döredilen täze bileleşik Parlamentde 79 orna eýelik eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir