Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Azerbaýjana 184 ýurtdan 1 million 535,8 müň daşary ýurtly we raýatlygy bolmadyk adamlar geldi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,1% köpdür diýip, «Report.az» ýurduň Döwlet statistika komitetine salgylanyp habar berdi. Maglumatlara görä, hasabat döwründe ýurda gelenleriň 31 göterimi Russiýanyň, 17,8 göterimi Türkiýäniň, 7,5 göterimi Eýranyň, 5 göterimi Hindistanyň, 4,8 göterimi Gruziýanyň, 4,3 göterimi Saud Arabystanynyň, 2,7 göterimi Gazagystanyň, 2,5 göterimi Pakistanyň, 2 göterimi Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), 1,8 göterimi Özbegistanyň, 1,7 göterimi Ysraýylyň, 1,5 göterimi Kuweýtiň, 1,5 göterimi Ukrainanyň, 14 göterimi Belarusyň, 1,1 göterimi Hytaýyň, 1,1 göterimi Beýik Britaniýanyň, 11,1 göterimi beýleki ýurtlaryň raýatlary bolup durýar. Geçen ýylda bu ýurda GDA ýurtlaryndan gelenleriň sany 1,6 esse artyp, 619,2 müň adam boldy. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan gelenleriň sany 39,5 göterim artyp, 77,8 müň adama ýetdi. Şeýle hem Aýlag ýurtlaryndan gelenleriň sany 9,3 göterim azalyp, 257,1 müň adam boldy.