«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş menejeri we önümçilik bölüminiň başlygy Mohd Razik bin Mohd Aznam kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, jemi 11,4 milliard dollar maýa goýum bilen bu Malaýziýa kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ykdysady ösüşine we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm goşant goşdy. Mundan başga-da, kompaniýa ýurduň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, ýerli jemgyýete oňyn sosial täsirini ýetirýär hem-de Türkmenistanda adam maýasynyň artmagyna goşant goşýar. Mohd Razik bin Mohd Aznam «Petronasyň» Türkmenistandaky ädimleri barada taýýarlanan infografika suratlary bilen öz çykyşynyň üstüni ýetirdi.