2023-nji ýylda Türkmenistanda 80 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewiň «Türkmenistanyň nebiti we gazy— 2023» halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, «Interfaks» habar berdi. Myrat Arçaýewiň bellemegine görä, mawy ýangyjyň 73 milliard kub metri «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gazylyp alnar. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistanda 82,7 milliard kub metr tebigy gaz öndürilipdi. «Türkmengaz» DK-niň başlygynyň aýtmagyna görä, şu ýylyň dowamynda Türkmenistan 40 milliard kub metr töweregi tebigy gazy daşary ýurtlara eksport eder. Şonuň agramly bölegi, has takygy, 30 milliard kub metrden gowragy Hytaýyň paýyna düşýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Russiýa, Özbegistana we Azerbaýjana tebigy gaz ibermegini dowam etdirýär. Eýran bilen hem ýylda 3 milliard kub metr tebigy gazy «swop» görnüşinde eksport etmek babatda şertnama hereket edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir