Şu gün BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda «Günorta — Günorta» forum geçirildi. Bu forum maýyplygyň jemgyýetçilik guraly we iş-hünär biliminde öz içine alyjy çemeleşmeler barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Forum BMGÖM Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda maýyplar üçin elýeterli iş: bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin, jemgyýetçilik kärhanalary özgertmek» taslamasynyň çäginde geçirildi. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň bilim we önümçilik kärhanasynynyň üçüsiniň döwrebaplaşdyrylmagyna we enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalaryň netijeleri bilen tanyşdylar. BMGÖM-iň Metbugat gullugynyň habaryna görä, enjamlaryň has netijeli ulanylmagyny üpjün etmekde jemgyýetiň işgärleri üçin tamamlanan we dowam etdirilýän okuwlaryň netijeleri hem görkezildi. Taslamanyň çäginde 24 — 26-njy oktýabr aralygynda Hytaýdan gelen halkara hünärmenleriň Türkmenistana resmi sapar guraldy. Saparyň maksady taslamanyň gidişine we gazananlaryna baha bermek, şeýle hem jemgyýetiň ýerli hünärmenleriniň halkara bilimleri bilen tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem halkara hünärmenler halypalyk boýunça seminar geçirip, taslamanyň çäginde işlenip düzülen gollanma barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir