Türkiýe Respubl­ikasynda resmi sapar bilen bolýan Türkmenistanyň Prezid­enti Serdar Berdimuha­medow Ankarad­a geçirilýän Türkmen-­türk işewürlik forumy­na gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, şu duşuşykda-da netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de forumyň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir