Şu oba hojalyk möwsüminde Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarda geljek ýylyň hasyly üçin 450 gektar ýerde sarymsak ekmek meýilleşdirilip, bu möhüm çäre üstünlikli tamamlandy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron saýtynda berilýän habara görä, welaýatyň Çärjew etrabynda 130, Saýat etrabynda 108, Hojambaz etrabynda hem 71 gektar ýerde sarymsak ekildi. Häzirki wagtda bu ekine ideg işlerine girişildi. Welaýatyň etraplarynda bu ugurda alnyp barylýan işler sarymsagyň bol hasylynyň kemala getiriljekdigine güwä geçýär. Habarda bellenilişi ýaly, gündogar sebitde meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 900 gektar ýerde güýzlük soganyň hem ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Welaýatyň Çärjew, Hojambaz we Saýat etraplarynda degişlilikde 280, 250 hem-de 150 gektar ýerde güýzlük soganyň ekilip, ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar.