Türkiýe Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň birinji ýarymynda budöwletiň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýdy. «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Atatürküň guburynyň öňündäki ýörite bellenen ýerde gül desselerini goýmak bilen, doganlyk türk halkynyň Liderini hatyralady. Soňra döwlet Baştutany toplumyň Misak-i milli (Milli ylalaşyk) binasyna baryp, Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir