Türkiýede resmi saparda bolýan hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň Ankarada ýerleşýän ýadygärligine gül goýdy. «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan bu ýadygärlik ussat şahyryň hormatyna 2012-nji ýylda bina edildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, gül goýmak çäresiniň geçiriljek ýerine gelende, hormatly Prezidenti Türkiýäniň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gül dessesini goýmak bilen, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde tagzym etdi. Şol pursatda ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bilelikde baş egdiler. Munuň özi geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek akyldar şahyra goýulýan belent hormatdan nyşandyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir