Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti gaz geçirijisini türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň biri hökmünde belläp geçdi. Muny döwlet Baştutany «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» 28-nji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara ýollan Gutlag hatynda aýtdy. Şeýle hem gutlag hatynda halkara bazaryň türkmen tebigy gazyna bolan islegini kanagatlandyrmakda «Galkynyş» gaz känine aýratyn ornuň degişlidigi nygtalýar. Mälim bolşy ýaly, bu gaz käni gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlary çekmekde ýokary derejede amatly şertleriň döredilýändigini aýratyn nygtady. «Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr» diýlip, Gutlag hatynda beýan edilýär.