Şu gün Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «Tourism Expo Japan – 2023» halkara syýahatçylyk forumynyň açylyş dabarasy boldy. Forum dört günläp dowam eder. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy, «Aşgabat syýahat», «Halkara syýahat», «Durdynyýaz», «Dag syýahat», «Aziýanyň merjeni» syýahatçylyk kompaniýalarynyň, şeýle-de «AÝMÄHRI» modalar öýüniň ýolbaşçylarydyr wekilleri foruma gatnaşdylar. Forumda Türkmenistanyň pawilýony Merkezi Aziýa bölüminde ýerleşdirildi. «Tourism Expo Japan – 2023» forumynyň esasy temalary dynç alyş, kenarýaka we işewür syýahatçylyk, syýahatçylyk önümleri hem-de syýahatçylyk operatorlary ýaly ugurlara bölündi. Forumyň çäginde adaty sergi we işewürlik duşuşyklary bilen bir hatarda, guramaçylar tarapyndan sergä gatnaşyjylara syýahatçylyk pudagy üçin täze iş mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kömek edýän çäreleriň uly toplumy hödürlenilýär. Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary tanyşdyryş çärelerini, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirerler. Halkara syýahatçylyk sergisiniň soňky güni bolan 29-njy oktýabrda foruma gatnaşýan ýurtlaryň medeni mirasynyň tanyşdyrylyş dabaralary guralar. Onda «AÝMÄHRI» modalar öýi tarapyndan türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy görkezilişe çykarylar. Dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýurtlarynyň syýataçylyk düzümlerini bir ýere jemlän sergä 150 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, 2014-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän, gatnaşyjylara bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýän syýahatçylyk sergisine eýýäm birnäçe gezek gatnaşandygyny nygtamak gerek. «Tourism Expo Japan – 2023» halkara syýahatçylyk sergisiniň guramaçylary bolup Ýaponiýanyň syýahat we syýahatçylyk birleşigi, Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň birleşigi (JATA) hem-de Ýaponiýanyň milli syýahatçylyk guramasy (JNTO) çykyş edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir