Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň 22-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Mejlise Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň gem-de Özbegistanyň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda ŞHG-niň çäginde söwda-ykdysady, energetika, ulag we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi. Hususan-da, ŞHG-niň umumy ykdysady bazaryny döretmek, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi. Mejlisiň jemleri boýunça 14 resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda ŞHG-a agza döwletleriň ministrlikleriniň hem-de döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmek başlangyjyny, şeýle hem 2024-nji ýylda ŞHG-niň çäklerinde «Ekologiýa ýyly» bilen bagly hereketleriň meýilnamasyny aýratyn belläp bolar.