Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew 23 — 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherleriň forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrligi, BMG-Habitat, Halkara «Habitat adam üçin» we «CityNet» assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Foruma milli we ýerli hökümetiň, seljeriş merkezleriniň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we sebitiň ýaşlar guramalarynyň 1800-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Üç gün dowam eden forumyň esasy maksady, durnukly şäher ösüşini gazanmak üçin innowasion çözgütleri, bilelikdäki hereketleri we netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek. Habarda bellenilişi ýaly, forumyň esasy wakalarynyň biri, ESCAP agza döwletleriň ministrleriniň we işgärleriniň çykyş eden APUF-8-iň ýokary derejeli sessiýasy boldy. Ilçi B.Durdyýew çykyşynyň dowamynda gatnaşyjylara soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda howpsuz, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlara ähli ýaşaýjylaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen uly şäher gurluşyk maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem, ilçi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýörelgelerini göz öňünde tutup, şäher meýilnamalaşdyrylyşyna berk ygrarlydygyny, Arkadag şäheri ýaly «akylly şäherleriň» döremeginiň innowasion çözgütleri we durnukly ösüş strategiýalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini aýtdy. Bu görnüşli şäherler Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary tarapyndan hem ulanylyp bilner. Arkadag şäherini gurmak tejribesiniň «akylly» şäherleriň ykdysady abadançylygy durnukly ösüş bilen sazlaşdyryp biljekdigini görkezýän nusga bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir