şu gün Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda Türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň Prezidentiniň kömekçisi Jewdat Ýilmaz, ýurduň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kaçir dagy hem gatnaşdylar. Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri öz çykyşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek barada tagalla edýändiklerini nygtap, türkmen işewürlerini Türkiýä has işjeň maýa goýmaga çagyrdy. Bu barada «Anadolu» habarlar agentligi habar berdi. «Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdary 2022-nji ýylda 2,1 milliard dollara deň bolan bolsa, geljekde ony 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy we Türkmenistana türk maýa goýumlarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýäris» diýip, ministr Mehmet Fatih Kaçir belledi. Mundan başga-da, Mehmet Fatih Kaçir Türkiýäniň Kiçi we orta telekçiligi ösdürmek we goldamak Müdirligi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýuça hereketleriň meýilnamasyna gol çekiljekdigini mälim etdi. Ministr «bu resminama täze işewürlik başlangyçlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmäge şert döreder» diýdi. «Bilelikde guran her bir zawodymyz, her bir binamyz dost-doganlygymyzy güýçlendirýän taslamalardyr. Ýene 3 günden Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygyny belläris. Allanyň eradasy bilen Türkiýe Respublikasy bu topraklarda baky ýaşar we hemişe doganlyk Türkmenistanyň ýanynda bolar. Dekabr aýynda wise-prezident Jewdet Ýilmazyň türk tarapyna ýolbaşçylyk etmegine geçiriljek Işewürlik geňeşiniň mejlisine çenli pugta taýýarlyk göreris we şol mejlisde bilelikdäki maýa goýum şertnamalaryna gol çekeris» diýip, ministr Mehmet Fatih Kaçir sözüni jemledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir