Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada TDH habar berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ulag-kommunikasiýa pudagynyň möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistanda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň göwrümli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa we deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi. — Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag sektorlarynyň we hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.