Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny aýtdy. TDH-nyň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamynyň giň orun tutýandygyny nygtady. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. — Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.