Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda türk kompaniýalaryna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu günki şertlerde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň orny gün-günden ýokarlanýar. Şunlukda ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi we döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. «Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýäris. Munuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Bu ugurlarda bilelikdäki hereketleri alyp barmaga türkmen tarapynyň taýýarlygyny beýan edýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.