GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriler. Muny Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bişkekde geçirilen duşuşygynda mälim etdi diýip, TASS habar berdi. «Geňeşimiziň mejlisini 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi» diýip, ol ilki Premýer-ministrleriň duşuşygynyň boljakdygyny belledi. Bişkekdäki duşuşyga Russiýanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Hökümet Baştutanlary, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň gurluşlarynyň hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdyla