Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ankarada saparda bolmagynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi we metbugat maslahaty geçirildi. «Anadolu»-nyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn maslahatlar tamamlanandan soňra dostlugyň we birek-birege çuňňur hormatyň nyşany hökmünde it güjügini sowgat bermek çäresi geçirildi. Serdar Berdimuhamedow türkiýeli kärdeşine türkmen alabaý itiniň güjügini, türk Lideri bolsa türkmenistanly kärdeşine kangal tohumly itiň güjügini sowgat berdiler.