Berlin şäheriniň eteginde kädi sergisi açyldy, onda agramy tonna ýetýän kädileri synlap hem-de olardan taýýarlanan tagamlary-da dadyp bolýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Sergide kädiniň 500-e golaý görnüşi bar. Togalak, süýri, äpet, kindiwanja, bezeg we iýilýän kädileri dünýäniň çar künjeginden sergä getirdiler. Bu ýerde hatda uzynlygy iki metre ýetýän kädilerem bar. Olardan agramy 990 kilograma golaýlaýan kädi Berlinde we Brandenburgda geçen sergilerde ýeňiji boldy, 110 sany mähnet kädiden saýlanan bu bakja önümini daýhan Olower Graf ösdürip ýetişdiripdir. Berliniň eteginde 20-nji gezek guralan kädi sergisi iki hepde dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir