Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäginde Türkiýäniň Milli bilim ministri Selile Eren Okten bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda taraplar iki halkyň arasyndaky ýakyn gatnaşygy alamatlandyrýan Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýede okamagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. «Bu talyplar iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dostlugy we doganlygy ýaýratmak boýunça möhüm wezipäni öz üstüne alýan medeni ilçilerdir. Şeýle ýokary derejeli saparlar we hyzmatdaşlyk tagallalary iki döwletiň geljegini kesgitlär we biziň olara hödürleýän bilim mümkinçiliklerimiziň mukdaryny we hilini kesgitlär» diýip, türk ministri belledi. Türkmen Wise-premýeri hem öz gezeginde myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi we wekiliýetiň agzalarynyň doganlyk ýurda gelendiklerine örän şatdygyny aýtdy. Umumy taryha we medeniýete esaslanýan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklar has uly ösüşe ýeter diýip, Wise-premýer belledi. Amannepesow şeýle hem türk biliminiň ýokary hiline ünsi çekip, ýurtlaryň arasynda bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ol Türkiýede bilim alan uçurymlara we eýýäm işläp ýören hünärmenlere ýokary baha berdi. Açyk çeşmelerden alnan maglumatlara görä, Türkmenistandan, takmynan, 12 müň talyp Türkiýede bilim alýar diýip, çeşme habar berdi.