25-26-njy oktýabrda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistan hem gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berdi. Forumda Türkmenistandan başga-da, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Pakistan, BAE ýaly ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar we logistika pudagy we ilkinji nobatda, «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň sessiýalarynda hünärmenler täze bazarlary, söwda dolanyşygyny we üstaşyr geçmegi üpjün etmek üçin guramalaryň tekliplerini, şeýle hem «Demirgazyk—Günorta» HUG üçin täze konsepsiýany ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň barşynda Kompaniýalar maýa goýum şertnamalaryna gol çekdiler. Forumyň ikinji gününde gatnaşyjylar sebit kärhanalary bilen tanyşdylar we Astrahanyň portlaryna we «Lotos» aýratyn ykdysady zolagyna baryp gördüler. Bu halkara forum Astrahan oblastynyň Hökümeti, «RusIranExpo» kompaniýalar topary hem-de «Demirgazyk — Günorta» Hazar halkara integrasiýa kluby tarapyndan bilelikde guraldy.