Antarktidanyň buzluklary kem-kemden eräp ýok bolar, muňa adamzadyň howa kömürturşy gazynyň galyndylaryny taşlamagy täsir edýär. Bu barada alymlaryň geçiren täze barlaglarynyň netijesinde aýdylýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Alymlar öňdäki 100 ýylyň dowamynda sebitdäki buzluklaryň eremek çäklerini kesgitlemek üçin kompýuterde nusgalamak usulyndan peýdalandylar. Döwletleriň geljekde buzluklaryň eremeginiň öňüni almak üçin tagallalary barybir ýeterlik bolmaz diýip, alymlar belleýärler. Buzluklar doly erän halatynda deňziň suwunyň derejesi iki metre golaý ýokarlanar diýip, olar çaklaýarlar.