Dünýäde öz ýaşaýan ýerlerini terk eden adamlaryň sany 114 milliondan hem geçdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasy habar berdi diýip, «Habar 24» ýazýar. Guramanyň nutugyna görä, ilatyň bu böleginiň sanynyň artmagyna sebitlerde ýaragly gapma-garşylyklar, guraklyk we sil joşgunlary sebäp boldy. Şu ýylyň iýun aýynyň aýagynda ýaşaýan ýerlerini terk eden adamlaryň sanynyň 110 milliona ýetendigi aýdylýar, bu geçen ýylyň ahyryndakydan 1,5 million adam köpdür. Iýundan sentýabra çenli görkeziji 4 million köpeldi. Emma hakyky sanlaryň has köp bolmagy mümkin diýip, bilermenler ynanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir