Gyrgyzystanda geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň ýygnagynda Mongoliýanyň Premýer-ministri Oýuun-Erdene Luwsannamsraýn öz çykyşynda: «Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr» diýdi. Bu barada «Report.az» neşiri habar berýär. Premýer-ministr şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýük gatnawy barada meselä aýratyn garalmagyna çagyrýandygyny nygtady. Oýuun-Erdene Luwsannamsraýniň pikiriçe, ýagdaý deňze çykalgasyz ýurtlar üçin uly kynçylyk döredýär.