Şu gün Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparyna gabatlanyp, Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäräniň maksady özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy hem-de senagat we tehnologiýalar ministri tarapyndan mähirli garşylanyldy. Soňra olar bilelikde bu ýerde guralan Türkmenistanyň önümleriniň sergisine aýlanyp gördüler. Maksatnama laýyklykda, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutany söwda-ykdysady ulgamda netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine gönükdirilen şu gezekki duşuşykda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezident forumda eden çykyşynda ykdysadyýet, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň, şunuň bilen birlikde, oba hojalygy, senagat we önümçilik kooperasiýasy pudaklarynyň, ylymdyr tehnikanyň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýdyp, olar boýunça türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek babatda anyk teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, Türkiýäniň işewür toparlary «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak senagat klasteriniň gurluşyklaryna işjeň gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle-de döwlet BaştutanY bilelikdäki maýa goýum gaznasyny we Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny, ulag-logistika merkezini döretmegi teklip edip, Türkmenistanyň türkmen elektrik energiýasynyňdyr tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi boýunça özara hereketlere açykdygyny tassyklady. Çykyşda gyzyklanma bildirilýän başga pudaklarda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň işewürlik forumyndaky çykyşy tamamlanandan soňra, türk tarapynyň käbir döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.