Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda Türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň Prezidentiniň kömekçisi Jewdat Ýilmaz, ýurduň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kaçir dagy hem gatnaşdylar. Jewdat Ýilmaz forumda eden çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň liderlik derejesinde güýçli syýasy erk bilen goldanýandygyny, taryhy çuňluga eýe bolup, ähli ugurlarda baýlaşdyrylandygyny aýtdy. Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň anyk görkezijilerinden biriniň söwda pudagyndadygyny mälim eden J.Ýylmaz: «2022-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard dollardan geçdi. 2023-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda ýeten söwda mukdarymyz bilen eýýäm 2022-nji ýyldaky umumy görkezijiden geçdik, ýagny söwdamyz 2,1 milliard dollara ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli 3 milliard dollara ýetjekdigimize ynanýarys» diýdi. Şeýle hem Jewdat ÝilmaZ ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynda öňde duran maksadyň 5 milliard dollardygyny we munuň Türkiýe — Türkmenistan işewürler pudagynyň tagallalary we hyzmatdaşlygy bilen gysga wagtda durmuşa geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada «Trt Avaz» habar berdi.