Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew 25-26-njy oktýabr aralygynda Brýusselde geçirilen «Global Gateway» forumynda çykyş etdi. Bu barada «Anadolu» ýazýar. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hyzmatdaş ýurtlaryň, hususy pudagyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda ýygnagy açdy. Forumyň maksady, Ýewropa Bileleşiginiň bütin dünýäde aragatnaşyk, saglygy goraýyş, bilim we gözleg işlerine maýa goýumlaryny meýilleşdirýän «Global Gateway» strategiýasynyň durmuşa geçirilişinde öňegidişlik gazanmakdan ybaratdyr. Serdar Joraýew hasabatynda Türkmenistanda infrastrukturany ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini beýan etdi. Global aragatnaşygy gowulandyrmagyň möhümdigini bellän ministr, ulag pudagynyň dünýä ykdysadyýeti üçin möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ulag we energiýa baglanyşyklaryny diwersifikasiýa etmek üçin Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen taslamalaryň ýerliklidigini belledi. Ministr ýurduň ulag infrastrukturasynyň möhüm elementi bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geçirijilik ukyby barada maglumat berdi. Şeýle hem Serdar Joraýew Ýewropa üçin hem gyzyklanma döredip biljek ulag pudagynda birnäçe ileri tutulýan sebit maýa goýum taslamalaryna ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir