2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-türk söwda dolanyşygy 2,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň kömekçisi Jewdat Ýilmaz şu gün Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda mälim etdi. Jewdat Ýilmaz forumda eden çykyşynda şu ýylyň dokuz aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň geçen 2022-nji ýyldaky jemi mukdardan artyp, 2,1 milliard amerikan dollaryna deň bolandygyny, bu görkezijiiň ýylyň ahyryna çenli 3 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýandygyny belledi. J.Ýilmazyň aýtmagyna görä, ýakyn geljekde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 5 milliard amerikan dollaryna ýetiriler. Şeýle-de, Türkiýäniň Prezidentiniň kömekçisi şu wagta çenli türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryna deň bolan 1077 taslamany durmuşa geçirendiklerini nygtap, Türkiýäniň kompaniýalarynyň daşary ýurtlarda ýerine ýetiren ähli taslamalarynyň 11 göteriminiň Türkmenistanyň paýyna düşýändigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, Jewdat Ýilmaz Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 6-8-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Türkiýäniň eksport önümleriniň sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Onuň bellemegine görä, saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly gepleşikler geçiriler. Şeýle-de, Jewdet Ýilmazyň Aşgabada saparynyň dowamynda Batyr Atdaýewiň hem gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi nygtaldy. «Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny dünýä bazarlaryna ýetirmekde hökman hyzmatdaşlyk etmeli» diýip bellän Jewdet Ýilmaz, bu ugurda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir