«Näzli» tans topary Hindistanda geçirilen IX halkara festiwalynda çykyş etdi «Näzli» tans topary 18 — 20-nji oktýabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen IX halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy. Halkara festiwalyň maksatnamasyna görä, «Näzli» tans topary 20-nji oktýabrda Yrak, Taýwan, şele-de Russiýa Federasiýasynyň sungat ussatlary bilen bir sahnada çykyş etdiler. Halkara tans we aýdym-saz festiwaly Hindistanyň medeni gatnaşyklar merkezi tarapyndan gurnaldy. Onda 12-den gowrak ýurtdan gelen döredijilik toparlary çykyş etdiler. Türkmenistan döwletimiziň döredijilik toparynyň halkara festiwalda çykyş etmegi ýurdumyz bilen Hindistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Ýadyňyzda bolsa, biz mundan ozal «Näzli» tans toparynyň Nýu-Delide geçiriljek halkara tans we aýdym-saz festiwalynda gatnaşjakdygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir