Türkmen türgenleri Täjigistanyň Hujand şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 10 medal - üç altyn, iki kümüş we bäş bürünç medal gazandy. Bu barada ýurduň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti habar berdi. Altyn medallary Mekan Nurberdiýew (62 kilograma çenli), Baýramguly Muhammetgulyýew (100 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (100 kg çenli) gazandy. Kümüş medallary Jumamyrat Gumalakow (68 kilograma çenli), Gurbanýaz Allamyradow (100 kg-dan ýokary) eýeledi. Bürünç medallara: Zehin Meretalyýew (57 kg çenli), Sylap Baýrammämedow (62 kg çenli), Guwanç Hemraýew (75 kg çenli), Kerwen Baýramow (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (100 kg çenli) dagy mynasyp boldy. Hujand şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna 20 ýurtdan üç ýüzden gowrak türgen ýygnandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir