Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy ýörite taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny gowşurdy. Bu barada gurama özüniň sosial ulgamynda mälim etdi. Jemi bahasy 260 müň dollar bolan derman serişdeleri Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirildi. Bu gezekki tapgyrda 1 gramlyk “Meropen” dermanynyň 159 müň dollardan gowrak bolan 50 müň töweregi çüýşejigi we 50 millilitrlik “Albumin” dermanynyň 103 müň dollardan gowrak 3 müň çüýşejigi Türkmenistana berildi. Bu derman serişdeleri Aşgabadyň we welaýatlaryň hassahanalaryna paýlanylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir