Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda Hytaýdan getirilen agyr ýükleri göteriji ZL50GN kysymly 50 sany awtoulag işjeň ulanylmaga başlandy. Bu tehniklaryň bir bölegi Lebap welaýatyndaky sement zawodynda we beýleki kärhanalarda ulanylýar diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. 5 tonn ýüki götermäge ukyply tehnikalar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna gabatlanyp Hytaýdan getirilipdi. Gündogar sebitinde ýerleşýän kärhanalarda şu ýylyň 9 aýynda 800 müň tonna golaý senagat önümleri öndürilip, bu geçen ýylyň degişli görkezijisinden 5,7 göterim artykdyr. Häzir bu tehnikalaryň 10-sy gündogar sebitiň karhanalarynda işjeň ulanylýar.