Şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Çärelere görülýän taýýarlyk barada Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi. Dabaralaryň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny, sergidir halkara ylmy maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Mundan başga-da, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany bu baýramy ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtap, degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir