Şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumyny guramak göz öňünde tutulýar. Foruma görülýän taýýarlyk barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde habar berdi. Şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Hususan-da, degişli teklipler öňe sürlüp, şolara laýyklykda, ýokarda ady agzalan forumy geçirmek bellenildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz XI Türkmen-german forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir