Wise-premýer B.Annamämmedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, onuň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.