Ýurdumyzda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Wise-premýer “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda, “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça degişli teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de ol işlenip taýýarlanylanda, halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir