Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwaly guramak meýilleşdirilýär. BU barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi. urdumyzda täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar. Serdar Berdimuhamedow kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna, dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi hem-de bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir