The Rolling Stones iňlis rok topary Hackney Diamonds atly täze studiýa albomyny çykardy. Bu rokerleriň 18 ýylyň içinde goýberen özboluşly aýdymlarynyň birinji ýygyndysy we deprekçi Çarli Watts ýogalandan soň ilkinji albomy boldy. Bu albom 20-nji oktýabrda akym platformalarynda we fiziki maglumat saklaýjylarda elýeterli boldy. Ýazgyda ozal Jastin Biber, Post Malone, Ozzi Osborn we Iggi Pop bilen işleşen Endrýu Wattyň prodýusserlik eden 12 aýdymy bar. Birnaçe aýdymyň ýazgysyny etmekde Pol MakKartniniň (Bite My Head Off), Elton Jonyň (Get Close и Live by the Sword), Ledi Gaganyň (Sweet Sounds of Heaven) ýardamyndan peýdalanyldy. Variety neşiri ýazgyny "1981-nji ýylda çykan Tattoo You-den bäri toparyň iň gowy eseri" diýip atlandyrdy. Makalada: "Sazandalary iň ýokary derejä ýetip, golaýda deprekçisini ýitiren 80 ýyllyk taryhly rok toparynyň nähili bolmalydygyna düşünmegi, belki-de, iň täsir galdyryjy edermenlikdir" diýilýär. Häzirki wagtda The Rolling Stones toparyna Mik Jagger, Kit Riçards, Ronni Wud we Bill Waýman girýär. Hackney Diamonds olaryň 31-nji studiýa albomydyr. Toparyň iň soňky “Blue and Lonesome” diski 2016-njy ýylda çykdy, ýöne onda diňe kawerler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir