«Portunyň» derwezebany Diogu Koşta, «PSŽ-niň» derwezebany Janluiji Donnaruma, şeýle hem «Milanyň» we Madridiň «Realynyň» derwezebanlary degişlilikde Mik Menýan we Tibo Kurtua öz orunlarynda dünýäniň iň gymmat futbol oýunçylary diýlip saýlandy. Sanaw Transfermarkt portaly tarapyndan düzüldi. Her derwezebanyň bahasy 45 million ýewro diýlip çaklanylýar. Olaryň iň kiçi ýaşlysy 24 ýaşly Koşta. Iň ulusy 31 ýaşly Kurtua. Sanawyň dowamy şundan ybarat: 5. Ederson Moraes («Mançester Siti», € 40 mln); 6. Andre Onana («Mançester Ýunaýted», € 40 mln); 7. Gregor Kobel («Borussiýa» D, € 35 mln); 8. Ýan Oblak («Atletiko» M, € 35 mln); 9. Alison Beker («Liwerpul», € 35 mln); 10. Mark-Andre ter Ştegen («Barselona», € 35 mln).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir