21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw türgenleşik merkezine baryp, ýurdumyzyň harby okuw türgenleşigini synlady. Bu gezekki harby türgenleşik harby hünärmenlerimiziň ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berdi. Bu gezekki görkezme harby okuw türgenleşigi ýurdumyzyň beýleki goşun galalaryndaky we deňiz güýçlerimizdäki okuw merkezlerinde-de geçirilip, olar sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda göni ýaýlym arkaly ýetirildi. Okuw merkezlerinde harby okuw türgenleşigine gatnaşýan toparlar ýöriş geçirmegiň dowamynda garşylykly hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak, garşydaşyň howa hüjümleri bilen göreşmek, ýörişi bökdemek üçin döredilen meýdandan ýörite himiki gorag serişdelerini ulanyp ýitgisiz geçmek, şeýle hem suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça okuw-söweşjeň wezipelerini ýerine ýetirdiler. Harby-deňiz güýçlerimiziň harby türgenleşige gatnaşýan gämileri garşylykly hereket edýän gämi toparlary harby-deňiz taktikasyna laýyklykda deňizde bilelikdäki söweşi guramak boýunça söweşjeň meýilnamalaşdyryşy amala aşyrdylar. Türgenleşigiň dowamynda Ýaragly Güýçlerimiziň häzirki zaman aňtaw-urgy toplumynyň uçarmansyz uçýan enjamlary kesgitlenen beýiklige galyp nyşany aňtamak bilen howadaky söweşjeň nobatçylyga girişdi. Harby okuw türgenleşiginde “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Soňra harby okuw türgenleşiginde Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryndaky täze, döwrebap uçarlar söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdiler. Soňra Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilen harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir