«TRT» türk telekompaniýasy özüniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň«Arkadagyň säheri» kinofestiwalynyň Hormat haty bilen sylaglanmagy festiwalyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Bu barada türk telekompaniýasynyň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi. «Biz «TRT-niň» döredijilik topary bolup, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini we gözelliklerini gündelik habarlarymyzyň üsti bilen, bütin dünýä ýetirýändigimiz üçin buýsanýarys we begenýäris. Geljekde hem türkmen telewideniýesi hem-de «Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşigi bilen hyzmatdaşlygymyz dowam eder diýip ynam bildirýäris. Festiwalyň çäginde «Aşgabat» kinoteatrynda «TRT-niň» Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanylan «Merw — Beýik Seljuk döwletiniň paýtagty» we «Köneürgenç» atly gysga metražly filmlerimizi tomaşaçylara hödürledik. Bu filmleriň üsti bilen, ýurduň medeniýetini we taryhyny görkezmäge çalyşdyk. Mundan beýläk-de filmleri surata düşürmek we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdiriljekdigine umyt edýäris» diýlip, türk telekompaniýasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek, «TRT» Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji wekilhanasyny Türkmenistanda açdy. Has takygy, «TRT-niň »Türkmenistandaky wekilhanasy 1999-njy ýyldan bäri hereket edip gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir