Moskwanyň Halkara numizmatika klubynda «Beýik Gündogar» atly sergi açylar, onda seýrek kolleksiýalarda saklanýan gadymy şaýy pullar görkeziler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Şaýylyklar döwlet syýasatyny alamatlandyrýar, taryhy çeşme bolup hyzmat edýär we sungat eseri bolup durýar. Men kolleksiýamyň Gündogara degişli bölegini uzak ýyllaryň dowamynda topladym, ol ilkinji gezek sergide görkeziler» diýip, Halkara numizmatika klubyny esaslandyryjy Wagit Alekperow gürrüň berýär. Sergide Ahemenidler şalygynyň altyn pullary, Aleksandr Makedonlynyň we onuň serkerdeleriniň seýrek kümüş şaýylyklary, Parfiýanyň we Baktriýanyň pullarydyr Çingiz hanyň hem-de Teýmirleňiň altyn pullarynyň iň uly toplumy görkeziler. Mundan başga-da sergide Gündogaryň muzeýinde, Döwlet Ermitažynda we beýleki muzeýlerde saklanýan Gadymy Gündogaryň dürli gymmatlyklary goýlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir