Pakistanyň milli puly rupiýa hümmetsizlenmäni ýeňmegi başaryp, 2023-nji ýylyň sentýabrynda hümmetlenme depgini boýunça dünýä pullarynyň arasynda öňdäki orna çykdy diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Sentýabryň başynda rupiýa bir dollar üçin 307 derejede pese gaçdy, ondan bäri pul 8 göterim kuwwatlanyp, bir dollar üçin 275 rupiýa deň boldy. Bu hökümetiň dollaryň bikanun söwdasyna garşy gören berk çäreleri sebäpli mümkin boldy. Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ýurtda rugsatnamasyz iş alyp barýan pul çalşylýan nokatlara garşy barlaglar geçirildi. Gymmatbahaly kagyzlary boýunça «Arif Habib» brokerçilik kompaniýasynyň wekili Tahir Abbasyň aýtmagyna görä, Pakistanyň hökümeti eksporty höweslendirmek we göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri geçirip, rupiýa bolan islegiň artmagyny we hümmetini ýokarlandyrmakçy bolýarlar. Sentýabryň ahyrynda Owganystanyň owgani puly dünýäde iň girdejili pul diýlip yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir