«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna Türkmenabat şäherindäki demir ýol menziliniň çäginde hususy ýük bölüminiň bardygyny habar berýär. «Türkmenpoçtanyň» Türkmenabatdaky ýük bölümi Türkmenistanyň çägindäki ähli demir ýol ugurlaryna dürli ululykdaky we agramdaky ýükleri hem-de ýollamlary iberýär. Şeýle hem bu bölüm ähli welaýatlardan demir ýol ulagy arkaly iberilýän ýükleri kabul edýär. «Türkmenpoçta» guramalardan we kärhanalardan, şeýle hem hususy şahslardan ýük daşamalary boýunça sargytlary kabul edýär. Kompaniýa ýükleriň abatlygyny we 24 sagadyň dowamynda barmaly ýerine çalt eltilmegini kepillendirýär. Ýükleri hasaba almak üçin iberiji pasportyny (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny) we habarlaşmak üçin telefon belgisini görkezmeli. Ýük getirilende alyjy hem diňe pasportyny görkezýär. Şeýle hem alyja ýüküň barmaly ýerine gelendigi barada habar berilýär, goşmaça töleg tölenende ýük görkezilen salga eltlip berilýär. «Türkmenpoçtanyň» ýük bölüminiň ofisi Türkmenabat şäherindäki demir ýol menziliniň çäginde ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir