Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly temada «Tebigat gözelligi — 2030» atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär. Mekdep okuwçylary özleriniň A4/A3 formatly kagyz ýüzüne çeken surat işlerini 1-nji noýabrda çenli Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýynda ýerleşýän Halkara gatnaşyklary istitutyna tabşyrmalydyr. Suratyň arka ýüzünde awtoryň ady, familiýasy, okaýan mekdebiniň salgysy, synpy we telefon belgileri görkezilmelidir. Bellenişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary bilen bilelikde ýurduň sebitlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahatlary guraýar. 3-nji noýabrda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda bu çäreleriň jemleýji maslahaty guralar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar maslahata gatnaşyp, ýadygärlik sowgatlaryna eýe bolarlar. Bu barada Orient ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir