Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Bu resminama Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen Halk ýygnaklar öýünde geçiren duşuşygynyň netijesi boýunça gol çekildi. Habarda bellenilişi ýaly, degişli resminama özara tejribe alyşmak arkaly Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Ähtnamanyň çäginde taraplar degişli işgärleriň Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatda hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw çärelerini, türgenleşik okuwlaryny, ýüzbe-ýüz duşuşyklaryny geçirmegi, bu ulgamy ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen özara saparlary gurnamagy maksat edinýärler. Bu bolsa, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamy babatda girizilen goşmaçalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginde, şol bir wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýetli bolar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir